Zebur 8 - Mukaddes Kitap8‑nji mezmur 1 Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Gititde. Dawudyň mezmury . 1 Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Gititde. Dawudyň mezmury. 2 Ýa Hökmürowan Rebbimiz! Adyň neneň belent tutuş ýeriň ýüzünde! Ýaýdyň şöhratyňy gökler üstünde. 3 Sen Öz ýagylaryň sebäpli, duşmandyr öç alýany dymdyrmak üçin, çagalaryň, bäbekleriň alkyşlaryndan gala ýaratdyň. 4 Seniň gökleriňe – barmaklaryň işine, Seniň goýan Aýdyr ýyldyzlaryňa nazar aýlanymda, şeýle diýýärin: 5 «Adam näme Sen ony ýatlaryň ýaly? Ynsan ogly näme aladasyny ederiň ýaly? 6 Ony perişdelerden biraz pesräk ýaratdyň, oňa şöhrat bilen hormat jygasyny geýdirdiň. 7 Ony Öz elleriňiň işlerine hökümdar goýduň; ähli zady aýagynyň astynda goýduň: 8 goýunlardyr öküzleriň baryny, şeýle-de çöl haýwanlaryny, 9 gök guşlaryny, deňiz balyklaryny, deňiz içre ýüzýän bar jandarlary». 10 Ýa Hökmürowan Rebbimiz! Adyň neneň belent tutuş ýeriň ýüzünde! |
© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016
Institute for Bible Translation, Russia