Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -

Zebur 75 - Mukaddes Kitap


75‑nji mezmur
1 Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Kirişli saz gurallary üçin. Asafyň mezmury . Nagma.

1 Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Kirişli saz gurallary üçin. Asafyň mezmury. Nagma.

2 Hudaý Ýahudada meşhurdyr, Onuň ady Ysraýylda beýikdir.

3 Onuň çadyry Salimdedir, Onuň mekany Siondadyr.

4 Ol şol ýerde döwdi otly peýkamlary hem-de galkany, gylyjy hem-de söweş ýaraglaryny. Sela

5 Sen nur deý şöhle saçýarsyň, awlaglara baý bolan daglardan dabaralysyň.

6 Arslan ýürekliler oljasyny aldyrdylar, olar baky uka gitdiler. Iň güýçlüleriň hiç biriniň-de elini galdyrmaga gurby çatmady.

7 Eý, Ýakubyň Hudaýy, Seniň käýinjiňden atlar, söweş arabalary doňup galdylar.

8 Sen wehimlisiň! Gazaba müneňde kim durup biler?

9-10 Sen göklerden yglan etdiň karary; ýer ýüzüniň ähli pukarasyny halas etmäge, Sen kazylyk etmek üçin aýaga galdyň, şonda ýer ýüzi eýmenip, ümsümlik boldy. Sela

11 Saňa öwgi gazandyrar hatda ynsan gazaby, gazabyňdan gutulanlar-da Saňa öwgi aýdarlar.

12 Beýik Hudaýyňyza sadaka aýdyň, olary beriň, töweregindäkileriň bary wehimli Hudaýa sowgat getirsin.

13 Şazadalaryň ruhuny syndyrýan Oldur, ýer ýüzüniň şalaryna wehimli Oldur.

© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016

Institute for Bible Translation, Russia
Lean sinn:



Sanasan