Zebur 74 - Mukaddes Kitap74‑nji mezmur 1 Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. «Heläk etme» äheňinde aýdylýan. Asafyň mezmury . Nagma. 1 Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. «Heläk etme» äheňinde aýdylýan. Asafyň mezmury. Nagma. 2 Eý, Hudaý, Saňa şükür edýäris, Sen Öz barlygyňy aýan edýäň, şükür edýäris, Biz Seniň gudratlaryň hakda aýdýarys. 3 Diýýärsiň: «Öz bellän wagtym gelende, ýüz görmezlik bilen höküm çykararyn Men. 4 Ýer we onuň ilaty titrän wagtynda, Mendirin onuň direglerini berkiden» Sela 5 Öwünjeňlere: «Öwünmäň» diýýän, erbetlere: «Güýjüňize daýanmaň» diýýän. 6 Siz öz kuwwatyňyza magtanmaň, ýeňsäňizi dim-dik tutup gürlemäň. 7 Çünki ýeňiş ne gündogardan, ne günbatardan, ne-de çöldendir. 8 Kazylyk edýän diňe Hudaýdyr, birini peseldip, birini beýgeldýän Oldur. 9 Çünki käse Rebbiň elinde, ol güýçli garylyp, köpükleýän şerapdan doly. Reb gazaby we şeraby käseden guýar: ýer ýüzüniň ähli erbetleri, ony löderesine çenli içerler. 10 Men bolsa elmydama beýan ederin, Ýakubyň Hudaýyna nagma aýdaryn. 11 Ol erbetleriň ähli kuwwatyny syndyrar, dogrularyň kuwwatyny bolsa Ol belende galdyrar. |
© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016
Institute for Bible Translation, Russia