Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -

Zebur 69 - Mukaddes Kitap


69-njy mezmur
1 Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Dawudyň mezmury . Ýatlanma dilegi.

1 Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Dawudyň mezmury. Ýatlanma dilegi.

2 Eý, Hudaý, meni halas etmegi niýetiňe sal; ýa Reb, tiz ýetiş meniň dadyma.

3 Janyma kast edýänleriň hemmesi, goý, utanja galsyn, ýüzi gyzarsyn; başyma gelen külpetlere şat bolýanlar, yzyna öwrülip, masgara bolsun.

4 Maňa «haý, haý!» diýýänler, utançlaryndan ýaňa, goý, dowla düşsün.

5 Seni agtarýanlaryň bary Sende begenip, şadyýan bolsun; «Hudaý beýikdir!» diýip, halas edişiňi söýýänler dyngysyz aýtsyn.

6 Men bolsa garyp we mätäç, ýöne, eý Hudaý, maňa gamhorlyk etgin; Sensiň kömegim hem Halasgärim, eglenme, ýa meniň Rebbim!

© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016

Institute for Bible Translation, Russia
Lean sinn:



Sanasan