Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -

Zebur 63 - Mukaddes Kitap


63‑nji mezmur
1 Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Dawudyň mezmury .

1 Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Dawudyň mezmury.

2 Eý, Hudaý, arz edenimde sesimi eşit, duşman wehiminden janymy gora.

3 Meni gizle erbetleriň dilleşmesinden hem-de betkärleriň gozgalaňyndan.

4-5 Olar dillerini gylyç kimin ýiteldýär; bigünäni bukudan atmakçy bolup, ajy sözlerini peýkam kimin çeneýär; duýman durka ony atyp, asla gorkmaýar.

6 Olar ýaman niýetlerinden asla dänmeýär, gizlin duzaklary gurmak üçin dil birikdirýär, «Olary görjek barmy?» diýip oýlanýar.

7 Olar jenaýat etmegi niýet edinýär, olar: «Birkemsiz hile-pirim düzdük, ynsanyň kalbyny bilip bolmaýar» diýip, biri-birine aýdýar.

8 Emma Hudaý olara peýkamyn atar, olar duýdansyz ýaralanar.

9 Öz dilleri olaryň başyna ýeter, olary görenleriň bary hopugyp gaçar.

10 Ähli ynsanlar gorka düşerler, olar Hudaýyň işini beýan ederler; Onuň edeni barada pikir ederler.

11 Dogry adam Rebde şatlansyn, goý, ol Rebbi özüne pena edinsin; ýüregi dogrularyň bary magtansyn.

© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016

Institute for Bible Translation, Russia
Lean sinn:



Sanasan