Zebur 62 - Mukaddes Kitap62‑nji mezmur 1 Dawudyň Ýahuda çölündekä aýdan mezmury . 1 Dawudyň Ýahuda çölündekä aýdan mezmury. 2 Eý, Hudaý! Sensiň Hudaýym, Seni agtarýaryn ir säher bilen, meniň janym teşnedir Saňa. Gurak, içgysgynç, suwsuz toprakda kimin Seni küýseýär meniň bedenim. 3 Seniň kuwwatyňy, şöhratyňy görmeklik üçin, mukaddes öýüňde Saňa seretdim. 4 Çünki Seniň sadyk söýgiň ýaşaýyşdan ýagşydyr, meniň dilim Saňa öwgüler aýdar. 5 Ömürboýy Saňa alkyş okaryn, ellerimi galdyryp, Saňa doga ederin. 6-7 Düşegimde Seni ýatlan wagtymda, gijäniň nobatlarynda Sen hakda oýlananymda, janym ýilik bilen ýagdan doýan dek bolýar, şadyýan dilim bilen agzym Saňa öwgüler aýdar. 8 Çünki Sen meniň kömegim bolduň; ganatlaryňyň saýasynda şatlanyp, nagma aýdaryn. 9 Meniň janym Saňa mäkäm ýapyşýar, Seniň goluň meni goldaýar. 10 Janymyň kastyna çykanlar bolsa, ýeriň teýine inip giderler. 11 Olar gylyjyň zarbyna berler, hem-de şagallara şam bolar. 12 Şa bolsa Hudaýyň edenlerine şat bolar; Oňa wada berýänleriň bary heşelle kakar, çünki ýalançylaryň agzy baglanar. |
© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016
Institute for Bible Translation, Russia