Zebur 60 - Mukaddes Kitap60-njy mezmur 1 Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Kirişli saz guralynda. Dawudyň mezmury . 1 Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Kirişli saz guralynda. Dawudyň mezmury. 2 Eý, Hudaý, eşit dat-perýadymy hem-de diňle meniň dogamy. 3 Meniň kalbym gam laýyna batanda, Seni çagyrýaryn ýeriň ujundan; çykyp bilmejek gaýama Sen meni çykar. 4 Çünki Sen meniň penamsyň, duşmana garşy mäkäm galamsyň. 5 Men çadyryňda baky mesgen tutaýyn, ganatlaryňyň astynda pena tapaýyn. Sela 6 Sen, eý, Hudaý, eden kasamlarymy eşitdiň, Öz adyňdan gorkýanlar üçin niýetlenen mirasy Sen maňa berdiň. 7 Şa ömrüniň günlerine günler goş, günlerini uzalt nesilden-nesle! 8 Goý, ol Hudaýyň huzurynda tagtda baky otursyn, söýgi bilen wepadarlyk ber, goý, olar ony gorasyn! 9 Kasamlarymy günde berjaý ederin, Seniň adyňa elmydama nagma aýdaryn. |
© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016
Institute for Bible Translation, Russia