Zebur 55 - Mukaddes Kitap55‑nji mezmur 1 Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. «Uzakdaky dub agajynyň üstünde oturan kepderi» mukamynyň äheňinde çalynýan. Gat şäherinde piliştliler Dawudy tutanlarynda, onuň aýdan miktamy. 2 Eý, Hudaý, maňa merhemet eýle, çünki adamlar meni depgileýärler; duşmanlar uzakly gün maňa sütem edýärler. 3 Duşmanlarym uzakly gün meni depgileýärler, çünki meniň bilen uruşýanlar köp, eý, Beýik Hudaý! 4 Men gorka düşenimde Saňa bil baglaýandyryn. 5 Hudaýy Onuň wadasy üçin şöhratlandyrýaryn, Oňa bil baglap, gorkmaýaryn men; ynsan maňa näme edip bilsin? 6 Olar uzakly gün ýoýýar meniň sözlermi, maňa zyýan etmäge gönükdirilen bar niýetleri. 7 Olar dil düwüşýär hem-de gizlenýär, janymy almak üçin meni aňtaýar. 8 Eýsem olar günä etse-de, gaçyp gutularmyka? Eý, Hudaý, gazabyňda boýun egdir halklary! 9 Sergezdan gezen günlerim Sende sanalgy, meniň gözýaşlarym Sende ýazylgy; olar Seniň kitabyňda ýazylgy dälmi? 10 Seni çagyranymda duşmanlarym yzyna dönýär; bilýärin: Hudaý tarapdarymdyr. 11 Hudaýa – wadasy üçin şöhratlandyrýaryn, Rebbe – wadasy üçin şöhratlandyrýaryn, 12 Hudaýa bil baglaýan, gorkmaýaryn men; ynsan maňa näme edip bilsin? 13 Eý, Hudaý, Saňa beren kasamlarymy berjaý ederin, Saňa şükür gurbanlyklaryny hödür ederin. 14 Çünki Sen janymy ölümden halas eýlediň; ýaşaýyş nurunda Hudaý öňünde gezerim ýaly, Sen aýaklarymy büdremekden sakladyň. |
© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016
Institute for Bible Translation, Russia