Zebur 53 - Mukaddes Kitap53‑nji mezmur 1-2 Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Kirişli saz guralynda. Maskil. Zipliler gelip, Şawula: « Dawut biziň aramyzda gizlenýär» diýenlerinde, Dawudyň aýdan mezmury. 1-2 Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Kirişli saz guralynda. Maskil. Zipliler gelip, Şawula: «Dawut biziň aramyzda gizlenýär» diýenlerinde, Dawudyň aýdan mezmury. 3 Eý, Hudaý, meni halas et Öz adyň bilen, meni akla Sen gudratyň bilen. 4 Eý, Hudaý, meniň dogamy eşit, Sen agzymyň sözlerine gulak goý. 5 Çünki gelmişekler garşyma galdy, sütemkärler janymyň kastyna çykdy; olar Hudaýy äsgermeýärler. Sela 6 Meniň üçin bolsa Hudaý kömekdir! Taňry söýgetleýär meniň janymy. 7 Ol duşmanlarymyň eden ýamanlygyny olaryň öz başlaryna inderer. Öz wepalylygyň hatyrasyna ýok et olary. 8 Saňa höwes bilen gurbanlyk keseýin, ýa Reb, Seniň ýagşy adyňa şükür edeýin. 9 Çünki Ol meni ähli muşakgatdan halas eýledi, gözüm duşmanlaryma ýeňiş bilen garady. |
© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016
Institute for Bible Translation, Russia