Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -

Zebur 51 - Mukaddes Kitap


51‑nji mezmur
1-2 Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Edomly Döweg Şawula gelip, Dawut Ahymelegiň öýüne baryp ýetendigini habar berende, Dawudyň aýdan maskili.

1-2 Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Edomly Döweg Şawula gelip, Dawut Ahymelegiň öýüne baryp ýetendigini habar berende, Dawudyň aýdan maskili.

3 Näme üçin ýamanlyk bilen öwünýäň, eý, edermen? Hudaýyň sadyk söýgüsi hemişe meniň bilen!

4 Seniň diliň düzýär weýrançylyklary, ol ýiti päki kimin işläp düzýär hiläni.

5 Sen ýagşylykdan ýamanlygy halaýaň, hakykaty sözläniňden – ýalan aýtmagy.

6 Eý, hileli dil, sen halaýaň ähli heläkleýji sözleri!

7 Emma Hudaý seni baky heläklär, seni tutup, çadyryňdan çekip çykarar, ýaşaýyş topragyndan köküňi sograr. Sela

8 Dogry adamlar muny görüp, gorkarlar, oňa gülüp, şeýle diýerler:

9 «Ine, bu adam Hudaýy özüne pena etmedi, öz baýlygynyň köplügine baglady bili; ol öz baýlygyndan pena gözledi».

10 Men bolsa Hudaýyň öýündäki gök öwüsýän zeýtun agajy ýaly; Hudaýyň sadyk söýgüsine ebedi we baky baglaýan bili.

11 Edenleriň üçin Saňa baky şükür ederin; Saňa sadyk bolanlaryň jemagatynda Seniň ýagşy adyňa umyt baglaryn.

© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016

Institute for Bible Translation, Russia
Lean sinn:



Sanasan