Zebur 5 - Mukaddes Kitap5‑nji mezmur 1 Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Üflenip çalynýan saz guralynda. Dawudyň mezmury . 1 Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Üflenip çalynýan saz guralynda. Dawudyň mezmury. 2 Ýa Reb, diňle meniň sözümi hem-de eşit meniň ahy-zarymy. 3 Diňle perýadymyň sesini, eý, Patyşam hem-de Hudaýym, men Saňa edýändirin dilegi. 4 Ýa Reb, meniň sesimi ertirine eşidýärsiň Sen, häzirlenip, säher bilen huzuryňda garaşýaryn men. 5 Sen erbetligi halamaýan Hudaýsyň, Seniň huzuryňda ýaman ýaşamaz, 6 tekepbirler Seniň gaşyňda durmaz; Sen ýigrenýärsiň betkärleriň baryny, 7 ýok edýärsiň ýalan sözleýänleri. Ýa Reb, Sen ýigrenýärsiň ganhor bilen kezzaby. 8 Men bolsa egsilmez sadyk söýgiň arkaly, girerin Seniň öýüňe; men Senden heder ederin, mukaddes ybadathanaňa tarap tagzym ederin. 9 Ýa Reb, duşmanlarym zerarly, Öz adalatyňda meni ugrukdyr; dogrula Sen öňümdäki ýoluňy. 10 Olaryň agzynda dogry söz ýokdur, olaryň ýüregi weýrançylykdyr, olaryň bogazy açyk gabyrdyr, dilleri bilen-de ýallaklaýandyr. 11 Eý, Hudaý, olara çykar hökümi, pällerinden tapyp, ýykylsyn olar; ýazyklary üçin kowup çykar olary, çünki olar Saňa garşy baş galdyrdylar. 12 Seni pena edinýänleriň bary şatlansyn, elmydama joşup, nagmalar aýtsyn; çünki olary goraýarsyň Sen, adyňa aşyklar Sende şat bolsun. 13 Sen ýalkaýarsyň dogry ynsany, hoşamaýlygyň-da bolýar onuň galkany. |
© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016
Institute for Bible Translation, Russia