Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -

Zebur 45 - Mukaddes Kitap


45‑nji mezmur

1 Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna, soprana derejesinde. Koranyň nesilleriniň nagmasy.

2 Hudaý biziň penamyz hem-de güýjümiz, Ol muşakgat wagty dadymyza ýetişýär.

3 Şonuň üçin gorkmarys ýer yransa-da, daglar deňziň bagryna yňdarylsa-da,

4 olaryň suwlary güwläp, joşsa-da, zarbyndan ýaňa daglar sarssa-da. Sela

5 Bir derýa bar, onuň akymlary şat edýär Hudaýyň şäherini – Beýik Hudaýyň mukaddes mesgenini.

6 Hudaý bu şäheriň ortarasynda, ol sarsdyrylmaz, Hudaý oňa kömek eder säher çagyndan.

7 Milletler arlaýar, şalyklar-da yranýar, Ol gygyrýar – şonda dünýä ereýär.

8 Hökmürowan Reb biziň bilendir, Ýakubyň Hudaýy berkitmämizdir.

9 Geliň, görüň Rebbiň edenlerini, ýer ýüzüne getiren weýranlygyny.

10 Ol ýeriň ujuna çenli uruşlary togtadýar, ýaýlary kül-owram edýär, naýzalary ikä bölüp taşlaýar, galkanlary ot-ýalynda ýandyrýar.

11 Reb şeýle diýýär: «Saklanyň, biliň: Hudaý Mendirin! Milletler arasynda beýgeldilerin tutuş ýer ýüzünde beýgeldilerin».

12 Hökmürowan Reb biziň bilendir, Ýakubyň Hudaýy berkitmämizdir. Sela

© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016

Institute for Bible Translation, Russia
Lean sinn:



Sanasan