Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -

Zebur 41 - Mukaddes Kitap


IKINJI KITAP ( 41–71 ‑nji mezmurlar) 41‑nji mezmur
1 Saz ýolbaşçysyna. Koranyň nesilleriniň maskili .

1 Saz ýolbaşçysyna. Koranyň nesilleriniň maskili.

2 Keýigiň akar suwlary küýseýşi kimin, eý, Hudaý, janym Seni küýseýär!

3 Hudaýa, diri Hudaýa teşnedir janym, haçan görerkäm men Hudaýyň ýüzün?

4 Diýenlerinde dyngysyz: «Hany Hudaýyň?» gözýaşlarym ýeke-täk azygym boldy.

5 Men ýörärdim jemagat bilen, baýram edýän halky äkiderdim Hudaý öýüne; olar şatlanyp, nagma aýdardy. Şu zatlary ýatlan wagtymda küýsemeden para-para bolýar ýüregim.

6 Eý, janym, sen näme üçin gamlanýaň? Näme üçin sen içimde yňranýaň? Umydyňy Hudaýa bagla, men ýene Oňa – Halasgärime we Hudaýyma öwgi aýdaryn.

7 Eý, Hudaýym, içimde janym gamlanýar, munuň üçin Iordan topragynda, Hermon hem-de Mizar dagynda Seni ýatlaýan.

8 Çuňluk çuňluga gygyrýar, şaglawuklaryňyň owazy bilen. Seniň ähli tolkunlaryň, silleriň kimin muşakgatlar meniň başymdan geçdi.

9 Reb gündiz sadyk söýgüsini görkezýär, gijelerine men Oňa nagma aýdýaryn – ömrümiň Hudaýyna doga edýärin,

10 Gaýam bolan Hudaýyma şeýle diýýärin: «Näme üçin meni unutdyň? Duşman meni gysan wagtynda näme üçin gam-gussaly gezmeli?»

11 Duşmanlarym günde: «Hudaýyň nirede?» diýýär, kemsitme arkaly süňklerimi kül-owram edýär.

12 Eý, janym, sen näme üçin gamlanýaň? Näme üçin sen içimde yňranýaň? Umydyňy Hudaýa bagla, men ýene Oňa – Halasgärime we Hudaýyma öwgi aýdaryn.

© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016

Institute for Bible Translation, Russia
Lean sinn:



Sanasan