Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -

Zebur 40 - Mukaddes Kitap


40-njy mezmur
1 Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Dawudyň mezmury .

1 Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Dawudyň mezmury.

2 Ejizlere rehimli garaýan nähili bagtly! Ýaman günde Reb ony halas eder.

3 Reb ony gorar, aman galdyrar, ýer ýüzünde oňa bagtly diýerler; Sen duşman eline ony bermersiň.

4 Hassalyk düşeginde Reb onuň daýanjy bolar, Reb oňa bütinleý şypa berer.

5 Men diýdim: «Ýa Reb, maňa merhemet eýle, şypa ber, çünki men günäli Seniň öňüňde».

6 Duşmanlarym men barada erbet gürrüň edýärler. «Haçan ölüp, ady-sory ýiter?» diýýärler.

7 Olardan biri meni görmäge gelse, ýalan sözleýär, ýüregi gybat toplaýar, daşaryk çykandan soň, ony ýaýradýar.

8 Men barada pyşyrdaşýar meni ýigrenýänleriň bary, maňa garşy ýaman niýet edýärler.

9 Olar: «Ol ölüm howply bela uçrady, ine, ýatyr, indi galmaz» diýýärler.

10 Hatda duzumy iýen, bil baglan dostum maňa haýynlyk etdi.

11 Emma Sen, ýa Reb, maňa merhemet eýle, meni dikelt, men olaryň almytyny bereýin.

12 Duşmanlarym menden üstün çykmasa, Seniň menden hoşaldygyňy bilerin.

13 Sen meni aýypsyzlygymda berkidýäň; Öz huzuryňda ebedilik duruzýaň.

14 Ysraýylyň Hudaýy Rebbe alkyş bolsun ezelden ebedä çenli! Omyn! Omyn!

© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016

Institute for Bible Translation, Russia
Lean sinn:



Sanasan