Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -

Zebur 36 - Mukaddes Kitap


36-njy mezmur Alef
Dawudyň mezmury
Alef

1 Erbet iş edýänlere janyňy ýakma, naýynsaplara höwesli bakma.

2 Çünki olar tiz wagtda ot kimin gurar, gök ösümlik kimin saralyp solar.


Bet
Bet

3 Rebbe bil bagla, et sen ýagşylyk, ýurtda ýaşap, ýaýna asudalykda.

4 Rebden teselli tap, ýürek arzuwlaryňy Ol hasyl eder.


Gimel
Gimel

5 Ýoluňy Rebbe tabşyr, Oňa bil bagla, şonda Ol saňa hemaýat berer.

6 Nur deý ýalpyldadar dogrulygyňy, günorta çagy deý – haklylygyňy.


Dalet
Dalet

7 Ümsüm bol Rebbiň öňünde, Oňa sabyrly garaş, ýoly rowaç betniýete höwesli bakma.


He
He

8 Gahardan saklan, gazaby taşla, aladaçyl bolma: ol şere elter.

9 Çünki kesilip taşlanar pislik edýänler, Rebbe intizarlar ýeri miras alarlar.


Waw
Waw

10 Az-kem sabyr et, erbetler ýok bolarlar, ýerlerine göz aýlarsyň, ýöne tapmarsyň.

11 Pälipes adamlar bolsa ýeri miras alarlar, abadançylykda ýaşap, hezil ederler.


Zaýin
Zaýin

12 Erbet dogry adama hyýanat edýär hem-de oňa dişlerini gyjaýar.

13 Taňry bolsa onuň üstünden gülýär, çünki onuň wagtynyň dolýandygyny görýär.


Ḥet
Ḥet

14 Garyp bilen mätäji ýere çalmaklyk üçin, dogry ýoldan barýanlary öldürmek üçin, erbet adamlar gylyç syryp, ýaýyny gurýar.

15 Emma gylyçlary öz ýüreklerine sanjylar, olaryň ýaýlary hem kül-owram bolar.


Ṭet
Ṭet

16 Dogry ynsanyň az zady ähli erbetleriň baýlygyndan ýagşydyr.

17 Çünki erbetleriň gollary döwler, ýöne Reb dogrulary söýgetlär.


Ýod
Ýod

18 Reb kämilleriň günlerini bilýändir, olaryň mirasy ebedi galar.

19 Olar ýaman wagty utandyrylmaz, dok bolarlar açlyk döwründe.


Kaf
Kaf

20 Emma erbetler heläk bolarlar, Rebbiň duşmanlary örüleriň gözelligi deý ýitip giderler, gaýyp bolarlar, tüsse içinde sumat bolarlar.


Lamed
Lamed

21 Erbet adam karz alyp, yzyna bermez, dogry ynsan bolsa jomart we eli açyk.

22 Çünki Onuň ýalkanlary ýeri miras alarlar, Onuň garganlary bolsa gyrlyp ýok bolar.


Mem
Mem

23 Reb dogrynyň gadamyny berkarar edýär, Ol onuň ýolundan göwnühoş bolýar.

24 Ýykylmaz bu ynsan büdräýende hem, çünki Reb onuň elinden tutýar.


Nun
Nun

25 Ýaş ýigitdim, indi garradym, ýöne dogry ynsanyň terk edilenini ýa zürýadynyň çörek dilenenini heniz görmedim.

26 Elmydama eli açyk hem-de karz berýär; olaryň neslinden ýalkanyş geler.


Sameh
Sameh

27 Şer işden gaça dur hem et ýagşylyk – baky ýaşarsyň.


Ğaýin
Ğaýin

28 Çünki Reb adalaty söýýändir, Ol sadyk ynsany terk edýän däldir; dogry ynsan baky goralar, ýöne erbetleriň zürýatlary gyrlyp ýok bolar.

29 Dogry ynsanlar ýeri miras alarlar hem-de onda baky mesgen tutarlar.


Pe
Pe

30 Dogry adamyň agzy danalygy sözleýär, onuň dili adalaty beýan eýleýär.

31 Onuň ýüregindedir Hudaýyň kanuny, taýýan däldir onuň aýagy.


Tsadi
Tsadi

32 Erbet dogry ynsany aňtaýar, ony öldürmäge pursat peýleýär.

33 Ýöne Reb ony erbediň eline bermez; kaza getirilende, ony aýyply çykarmaz.


Ķof
Ķof

34 Rebbe umyt bagla, Onuň ýoluny sakla, Ol hem ýeri miras almagyň üçin seni beýgelder; sen erbetleriň ýok edilenini görersiň.


Reş
Reş

35 Men yzgytsyz erbet adamyň çynar dek gögeren ýerinde ýaýrap oturanyny gördüm.

36 Birdenkä ol gaýyp boldy-da gitdi; men ony gözledim, emma tapmadym.


Şin
Şin

37 Kämil ynsany synla, dogry adama seret. Parahat ynsanyň gelejegi bar.

38 Emma günäliler bütinleý weýran ediler; erbetleriň gelejegi ýok bolar.


Taw
Taw

39 Reb dogry ynsanlary halas edýändir, muşakgatlykda olara pena bolýandyr.

40 Reb olara kömek berer we halas eder; olary erbetlerden gutarar we halas eder, çünki olar Ony pena tutunýar.

© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016

Institute for Bible Translation, Russia
Lean sinn:



Sanasan