Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -

Zebur 34 - Mukaddes Kitap


34‑nji mezmur
Dawudyň mezmury

1 Ýa Reb, meniň bilen dawalaşýanlar bilen Sen dawalaş; meniň bilen söweşýänler bilen Sen söweş;

2 sowudyňy geý, galkanyňy al, dadyma ýetiş.

3 Meni kowalaýanlara garşy naýzaly, aýpaltaly çyk. Kalbyma diý: «Halasgäriň – Men».

4 Janymyň kastyna çykanlar, goý, utanyp masgara bolsun; maňa garşy erbetlik niýetlänler yzyna dönsün, ýüzi gyzarsyn.

5 Goý, olar ýel öňündäki ownuk saman dek bolsun; Rebbiň perişdesi olary syryp äkitsin.

6 Goý, olaryň ýoly garaňky hem sürçek bolsun; Rebbiň perişdesi olary kowsun.

7 Çünki sebäpsiz ýere meniň üçin duzak gurdular; sebäpsiz ýere meniň üçin çukur gazdylar.

8 Goý, heläkçilik duýdansyz olaň başyna insin, gizlin guran duzaklaryna özleri düşsün, heläkçilige uçranda, goý, şoňa düşsün.

9 Meniň janym bolsa Rebde şat bolar; meni halas edendigine begener.

10 Şeýle diýer meniň ähli süňklerim: «Ýa Reb, eýsem Sen ýaly barmy? Sen ejizi gutarýarsyň güýçlüden, pukaradyr mätäçleri – talaňçysyndan».

11 Betniýet şaýatlar garşyma çykýar, bilmeýän zadymy menden soraýar.

12 Ýagşylygyma ýamanlyk edýär, meniň janymy hossarsyz goýýar.

13 Men bolsa jul geýerdim olar syrkawka, agyz bekläp, özümi pespäl tutardym; emma jogapsyz galdy doga-dilegim.

14 Men olara dostum ýa doganym ýaly garardym, ejeme ýas tutýan dek başym aşak salyp, matam tutardym.

15 Olar bolsa büdränime şatlanyp, ýygnanardylar; myjabatçylar maňa garşy toplanardylar; agsan bolup, meni ýaňsylardylar; meni dyngysyz parçalardylar.

16 Şikeslini ýaňsylaýan hudaýsyzlar dek, olar maňa dişlerini gyjaýardylar.

17 Ýa Taňry, Sen haçana çenli muňa seretjek? Olaryň süteminden halas et meniň janymy, arslanlardan halas et ýeke-tägimi.

18 Men uly ýygnakda Saňa şükür ederin, köp sanly halkyň arasynda Seni şöhratlandyraryn.

19 Maňa nähak duşman bolanlar, goý, şatlanmasyn, Meni nähak ýere ýigrenýänler göz gypyşmasyn.

20 Çünki olar asudalyk barada gürrüň etmeýärler, tersine, ýer ýüzündäki asudahalarlara garşy hileli sözleri oýlap tapýarlar.

21 Meni aýyplap, agyzlaryny giňden açýarlar: «Hä-ä, öz gözümiz bilen görendiris!» diýýärler.

22 Ýa Reb, Özüň gördüň, dymma! Ýa Taňry, menden uzakda bolma.

23 Meniň hakym hem dawam üçin, gaýrata gal, oýan, eý, Hudaýym, Taňrym.

24 Dogrulygyňa laýyklykda meni akla, eý, Beýik Hudaýym; heşelle kakmasynlar meniň üstümden.

25 Ýürekden: «Hä-ä, ýürek islegimiz ýerine düşdi: biz ondan dyndyk» diýip, olar aýtmasyn.

26 Hasratyma şatlanýanlaryň bary ýüzleri gyzaryp, biabraý bolsun; öňümde özüni beýgeldýänleriň eginbaşlary utanç hem-de betnamlyk bolsun.

27 Meniň haklylygymy isleýänler şatlanyp, heşelle kaksyn, «Öz bendesine parahatlyk isleýän Rebbiň belentligi artsyn» diýip, dyngysyz aýtsyn.

28 Meniň dilim Seniň dogrulygyňy aýdar hem-de uzakly gün Saňa ol alkyş eder.

© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016

Institute for Bible Translation, Russia
Lean sinn:



Sanasan