Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -

Zebur 33 - Mukaddes Kitap


33‑nji mezmur
1 Dawudyň Abymelegiň öňünde özüni dälilige uran wagtyndaky mezmury . Abymelek Dawudy kowandan soň, ol gitdi.

1 Dawudyň Abymelegiň öňünde özüni dälilige uran wagtyndaky mezmury. Abymelek Dawudy kowandan soň, ol gitdi.


Alef
Alef

2 Men Rebbe hemişe alkyş aýdaryn, Oňa öwgi elmydama agzymda bolar.


Bet
Bet

3 Reb bilen meniň janym magtanar, pespäller eşider hem-de şat bolar.


Gimel
Gimel

4 Meniň bilen bile Rebbi öweliň, beýgeldeli bilelikde Onuň adyny.


Dalet
Dalet

5 Men Rebbi agtardym, Ol jogap berdi hem-de ähli howplardan meni halas eýledi.


He
He

6 Oňa nazar salyň, nurlanarsyňyz, asla utandyrylmaz siziň ýüzüňiz.


Zaýin
Zaýin

7 Men-biçäre Rebbi çagyrdym, Ol hem eşitdi, meni ähli azaplarymdan halas eýledi.


Ḥet
Ḥet

8 Reb perişdesi Ondan gorkýanlary gurşaýar, olary bela-beterden halas eýleýär.


Ṭet
Ṭet

9 Dadyp görüň Reb ýagşylygyny, Ony pena edinýän nähili bagtly!


Ýod
Ýod

10 Rebden gorkuň, eý, Onuň mukaddesleri, Ondan gorkýanlaryň ýok mätäçligi.


Kaf
Kaf

11 Hatda ýolbarslar hem çekýär ejir bilen açlygy, Rebbi agtarýanlar bolsa çekmez hiç mätäçligi.


Lamed
Lamed

12 Geliň, eý, ogullarym, diňläň siz meni, öwredeýin size Rebden gorkmagy.


Mem
Mem

13 Isleýärmiň döwran sürmegi? Göresiň gelýärmi ýagşy günleri?


Nun
Nun

14 Ýamanlykdan sakla sen öz diliňi we hileli gepden – dodaklaryňy;


Sameh
Sameh

15 ýamanlykdan aýryl, et sen ýagşylyk, parahatlyk agtar, onuň yzyndan galma.


Ğaýin
Ğaýin

16 Dogry adamlarda Rebbiň gözleri, perýatlaryna açyk Onuň gulagy.


Pe
Pe

17 Rebbiň ýüzi betkärlere garşydyr; olary ýatlamadan ýer ýüzünde nyşan galdyrmaz.


Tsadi
Tsadi

18 Reb eşidýär dogrular perýat edende, Ol olary ähli muşakgatlaryndan halas eýleýär.


Ķof
Ķof

19 Reb kalby synyklara ýakyndyr; ruhdan düşenleri halas edýändir.


Reş
Reş

20 Dogry ynsanyň dertleri köpdür, emma Reb ählisinden ony halas edýändir.


Şin
Şin

21 Onuň ähli süňklerini goraýar, olaryň biri hem döwülmez.


Taw
Taw

22 Ýamanlyk erbet adamy öldürer, dogry adamy ýigrenýän höküm ediler.

23 Reb Öz bendelerini halas edýändir, Ony pena edinýänleriň hiç biri höküm edilmez.

© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016

Institute for Bible Translation, Russia
Lean sinn:



Sanasan