Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -

Zebur 31 - Mukaddes Kitap


31‑nji mezmur
Dawudyň maskili

1 Ýazygy bagyşlanan, günäsi örtülen adam nähili bagtly!

2 Reb tarapyndan etmişi hasaba alynmaýan, ruhunda hile ýok adam nähili bagtly!

3 Men dymyp, uzakly gün zar-zar aglanymda, gurap galdy meniň süňklerim.

4 Çünki gije-gündiz eliň üstüme agramyn saldy, tomus yssysynda ýaly ysgynym gaçdy. Sela

5 Saňa äşgär etdim men öz günämi hem-de gizlemedim etmişlerimi. Diýdim: «Reb ýanynda boýun aljak ýazyklarymy». Sen hem bagyşladyň günämiň ýazygyny. Sela

6 Munuň üçin sadyklaryň her biri günäsini aňlan wagty Saňa etsin dogany. Şonda, muňa ýokdur hiç şübhe: oňa ýetmez köp suwlaryň joşmagy.

7 Sensiň meniň gizlenýän ýerim; goraýarsyň meni howp-hatarlardan; Sen meni halas eýlediň, ýüregime şatlyk nagmasyn goýduň. Sela

8 «Men saňa öwüt bererin, ýöremeli ýoluňy salgy bererin; maslahat bererin, sende bolar Meniň nazarym.

9 Düşünjesiz at ýa gatyr dek bolma: agyzzyryk bilen uýan bolmasa bilmeýärler olar gitjek ýoluny».

10 Köp bolýandyr erbetleriň gaýgysy, emma Rebbe bil baglaýanlary gurşap alýar Onuň sadyk söýgüsi.

11 Eý, dogry adamlar, Rebde begeniň hem-de şatlanyň! Eý, ýüregi dogrular, hemmäňiz heşelle kakyň!

© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016

Institute for Bible Translation, Russia
Lean sinn:



Sanasan