Zebur 30 - Mukaddes Kitap30-njy mezmur 1 Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Dawudyň mezmury . 1 Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Dawudyň mezmury. 2 Ýa Reb, men Seni pena edinýärin, meni hiç haçan utanja goýma; dogrulygyň bilen halas et meni. 3 Maňa gulak goý, tiz ýetiş meniň dadyma; bol Sen meni penalaýan bir gaýa, halas bolmagym üçin bir mäkäm gala. 4 Çünki meniň gaýam hem galam Sensiň; Öz adyň hatyrasyna ýol görkez maňa, meni ugrukdyr. 5 Maňa gurlan tordan Sen meni çykar, çünki Sen meniň penamsyň. 6 Seniň eliňe tabşyrýaryn men öz ruhumy; meni halas etdiň, ýa Reb, hakykatyň Hudaýy. 7 Ýigrenýärin dereksiz butlara sygynýanlary; men diňe Rebbe baglaýan bili. 8 Begenip şatlanaryn sadyk söýgiňe, çünki Sen muşakgat halymy gördüň, janymyň çekýän derdini bildiň; 9 tabşyrmadyň meni duşman eline; duruzdyň aýaklarymy giň ýerde. 10 Ýa Reb, maňa merhemet eýle, sebäbi men hasrat içinde; gaýgy-gamdan ýaňa gözüm küteldi; meniň janym hem-de bagrym gurady. 11 Ömrüm soňlanyp barýar gam-gussa bilen; ýyllarym-da dat-perýat bilen; günäm zerarly kuwwatym gaçdy hem-de meniň süýeklerim gurady. 12 Ýüzügara boldum ähli ýagylaryma, ylaýta-da öz goňşularyma; betnyşan boldum men tanyşlaryma; köçede görýänler menden gaçýarlar. 13 Merhum dek unudyldym men; bir döwlen küýzä öwrülendirin. 14 Çünki köpleriň ýamanlamasyny eşidýärin men, maňa garşy dildüwşük guranlarynda, janyma kast etmekçi bolanlarynda, töwerek-daşymy gorky gaplaýar. 15 Emma, ýa Reb, Saňa bil baglaýaryn men; Men diýýärin: «Sensiň meniň Hudaýym». 16 Ömrümiň günleri Seniň eliňde; halas et meni ýagylarymyň hem-de meni yzarlaýanlaryň elinden. 17 Saç ýüzüňiň nuruny bendäň üstüne; sadyk söýgiň bilen meni halas et. 18 Ýa Reb, meni utanja goýma, çünki Seni çagyrýaryn men; goý, erbetler utanja galsyn; ölüler dünýäsine inip, goý, olar dymsyn. 19 Tekepbirlik hem-de kemsitme bilen dogry ynsana sögýän ýalan diller lal bolsun. 20 Seniň ýagşylygyň neneňsi uly! Özüňden gorkýanlar üçin saklaýaň ony; adamzat öňünde Saňa bil baglaýanlara edýärsiň Sen bu ýagşylygy. 21 Sen ynsan dildüwşüklerinden olary Öz huzuryň saýasynda gizleýäň; dilleriň dawalaşmagyndan çadyryň howpsuzlygynda saklaýaň. 22 Rebbe alkyş bolsun! Çünki Ol daşy gabalan şäherde maňa ajaýyp söýgüsini görkezdi. 23 Öz howsalamda şeýle oýladym: «Men Seniň nazaryňdan taşlandym». Ýöne Saňa perýat eden wagtymda Sen dady-perýatlarymy eşitdiň. 24 Eý, Rebbiň ähli sadyklary, söýüň siz Ony! Reb goraýar Özüne wepadarlary, doly jeza berýär tekepbirlik edýäne. 25 Eý, Rebbe umyt baglaýanlaryň bary, batyr boluň, kuwwatlansyn ýürekleriňiz! |
© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016
Institute for Bible Translation, Russia