Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -

Zebur 3 - Mukaddes Kitap


3‑nji mezmur
1 Dawudyň öz ogly Abşalomdan gaçan mahaly aýdan mezmury .

1 Dawudyň öz ogly Abşalomdan gaçan mahaly aýdan mezmury.

2 Ýa Reb! Duşmanlarym neneň köpeldi! Maňa garşy baş göterýänleriň sany kän.

3 Köpler men babatda: «Hudaý ony halas etmez» diýýärler. Sela

4 Emma Sen, ýa Reb, daşymda bir galkansyň, şan-şöhratym, başymy dikeldýän Sensiň.

5 Men Rebbe edýärin dady-perýady, Ol mukaddes dagyndan maňa berýär jogaby. Sela

6 Men ýatýaryn hem-de uka gidýärin, sag-aman oýanýaryn, çünki Reb goldaýar meni.

7 Çar tarapdan meniň garşyma çykan biçak köp duşmandan gorkmaýaryn men.

8 Galk Sen, ýa Reb! Eý, Hudaýym, halas et meni! Ähli duşmanlarymyň äňine urýaň, erbetleriň dişlerini kül-owram edýäň.

9 Ýeňiş Rebdendir, berekediň Seniň halkyňyň üstünde bolsun. Sela

© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016

Institute for Bible Translation, Russia
Lean sinn:



Sanasan