Zebur 27 - Mukaddes Kitap27‑nji mezmur Dawudyň mezmury 1 Ýa Reb, Seni çagyrýaryn; eşitmezlige salma, eý, meniň Gaýam, dymma, gabra inýänlere meňzemäýin men. 2 Saňa dat-perýat eden wagtymda, iň mukaddes otagyňa tarap ellerimi galdyranymda, ýalbaryşlarymyň sesini eşit. 3 Erbetler, betkärler bilen bile meni süýreme; olar parahat gepleşýärler goňşusy bilen, emma welin pislik bar ýüreklerinde. 4 Olaryň etmişlerini, eden ýamanlygyny özlerine gaýtar; elleriniň edenlerini özlerine gaýtar; edenlerine laýyk öwezini ber. 5 Rebbiň işlerine, Onuň elleriniň işine üns bermeýändikleri sebäpli, Ol weýran eder olary hem-de gaýdyp bina etmez olary. 6 Rebbe alkyş bolsun! Ol eşitdi perýadymyň sesini. 7 Reb meniň güýjüm hem-de galkanym; Oňa bil baglady meniň ýüregim, Ol maňa ýardam edýär, ýüregim biçak şatlanýar; Oňa nagmam bilen şükür ederin. 8 Reb halkyň güýjüdir, seçip-saýlanynyň halas berkitmesi Oldur. 9 Öz halkyňy halas et, saýlan halkyňa pata ber, olara çopançylyk et, mydama olary eliňde göter! |
© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016
Institute for Bible Translation, Russia