Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -

Zebur 25 - Mukaddes Kitap


25‑nji mezmur
Dawudyň mezmury

1 Meni akla, ýa Reb, çünki aýypsyz gezdim, bil bagladym Rebbe, yranmaryn men.

2 Meni barla, ýa Reb, hem meni derňe, meniň pikirlerimi, ýüregimi syna.

3 Çünki söýgiň gözlerimiň alnynda, gezdim men Seniň sadyklygyňda.

4 Bolgusyzlar bilen men oturmaýaryn, ikiýüzlülere ýaran bolmaýaryn.

5 Betkärleriň üýşmeleňini ýigrenýärin; erbetleriň ýanynda oturmaryn men.

6 Ellerimi ýuwup ýazyksyzlykda, aýlanyp gurbanlyk sypaň daşyndan, ýa Reb,

7 Saňa şükür nagmasyny aýdýaryn; ähli gudratly işleriňi mälim edýärin.

8 Ýa Reb, söýýärin mesgen tutan öýüňi – Seniň şöhratyňyň mesgen tutan ýaşalgasyny.

9 Günäkärleriňki bilen bile alma meniň janymy, ganhorlaryňky bilen bile – ýaşaýyşymy.

10 Olaryň elinde haýynlyk bardyr; gollary para-peşgeşden doludyr.

11 Men bolsa gezýärin aýypsyzlykda, meni halas et, maňa merhemet eýle.

12 Tekiz ýerde dur meniň aýagym, Rebbe alkyş aýtjak men jemagatda.

© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016

Institute for Bible Translation, Russia
Lean sinn:



Sanasan