Zebur 24 - Mukaddes Kitap24‑nji mezmur Alef Dawudyň mezmury Alef 1 Ýa Reb, men köňlümi Saňa göge göterýän. Bet Bet 2 Eý, Hudaýym, men Saňa bil baglaýan; men utanja galmaýyn; duşmanlarym menden üstün çykmasyn. Gimel Gimel 3 Saňa intizarlar galmasynlar utanja, nähak ýere hyýanat edýänler galsyn utanja. Dalet Dalet 4 Ýa Reb, maňa salgy ber Öz ýollaryňy hem-de öwret maňa ýodalaryňy. He He 5 Meni hakykatyňda ýöret hem maňa öwret, çünki meni halas edýän Hudaý Sen; men uzakly gün Saňa intizardyryn. Zaýin Zaýin 6 Ýa Reb, ýadyňa sal merhemetdir sadyk söýgiňi, çünki olar bardyr gadymdan bäri. Ḥet Ḥet 7 Ýatlama Sen ýaşlyk günälerimi hem-de bitabynlyk ýodalarymy. Ýa Reb, sadyk söýgiňe görä, Öz ýagşylygyň hatyrasyna ýada sal meni. Ṭet Ṭet 8 Reb ýagşy hem-de dogrudyr Ol günäkärlere Öz ýoluny öwredýär. Ýod Ýod 9 Dogry ýola gönükdirýär göwni pesleri Öz ýoluny pespällere öwredýär. Kaf Kaf 10 Onuň ähtiniň düzgünlerini saklaýanlara söýgi bilen sadyklykdyr Rebbiň ähli ýollary. Lamed Lamed 11 Ýa Reb, Öz adyň hatyrasyna bagyşla Sen meniň etmişlerimi, çünki uludyr olar. Mem Mem 12 Rebden gorkýan ynsan bar bolsa, Reb oňa öwreder saýlamaly ýoluny. Nun Nun 13 Ol ýaşajakdyr bolelinlikde, ýeri miras alar onuň zürýady. Sameh Sameh 14 Reb Öz niýetini Ondan gorkýanlara aýan eýleýär, Ol olara Öz ähtini bildirýär. Ğaýin Ğaýin 15 Gözlerim mydama Rebbe garap dur, çünki Ol aýaklarymy tordan çykarar. Pe Pe 16 Maňa öwrül-de, merhemet eýle, çünki men ýalňyz, ezýetlidirin. Tsadi Tsadi 17 Ýüregimiň gaýgy-hasraty artdy; jebir-jepalarymdan halas et meni. Reş Reş 18 Muşakgatym bilen yzama seret hem-de meniň ähli günälerimi öt. 19 Gör Sen köpdügini duşmanlyrymyň, olar güýçli ýigrenç bilen ýigrenýär meni. Şin Şin 20 Janymy gora-da, halas et meni, utanmaýyn, çünki pena edindim Seni. Taw Taw 21 Kämillikdir dogrulyk meni gorasyn, çünki men Saňa intizardyryn. 22 Eý, Hudaý, ysraýyl halkyny ähli muşakgatlardan Sen halas eýle. |
© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016
Institute for Bible Translation, Russia