Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -

Zebur 20 - Mukaddes Kitap


20‑nji mezmur
1 Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Dawudyň mezmury .

1 Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Dawudyň mezmury.

2 Ýa Reb! Patyşa Seniň kuwwatyňa şatlanýar, halas edendigiňe biçak begenýär.

3 Ýürek arzuwlaryny Sen oňa berdiň; diliniň dilegini Sen ret etmediň.

4 Bol bereketleriň bilen Sen garşy aldyň, başyna sap altyndan jyga geýdirdiň.

5 Ol Senden ömür diledi, Sen oňa berdiň ebedilik, müdimilik bir ýaşy.

6 Seniň ýeňşiň bilen beýik onuň şöhraty, Sen hormat bilen dabara beslediň ony.

7 Sen oňa ebedi bereket berýäň, huzuryňdaky şatlyk bilen ony şat edýäň.

8 Çünki Rebbe bil baglaýar patyşa, Beýik Hudaýyň sadyk söýgüsi arkaly ol sarsdyrylmaz.

9 Seniň eliň tapar ähli duşmanlaryňy, Seniň goluň – Seni ýigrenýänleri.

10 Seniň huzuryň peýda bolanda, olary edersiň otly tamdyr deý; Reb ýuwudar olary Öz gaharynda; ot hem ýalmap iýer olary.

11 Ýer ýüzünden ýok edersiň nesillerini, ynsanlar arasyndan – zürýatlaryny.

12 Saňa garşy erbet niýet edäýseler hem, dildüwşük guraýsalar hem – üstün çykmazlar.

13 Çünki ýüzlerine peýkamlary çenemek bilen Sen olary yzlaryna öwrersiň.

14 Ýa Reb, beýgel Sen Öz kuwwatyňda, biz Seniň güýjüň barada nagma aýdyp, alkyş aýdarys.

© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016

Institute for Bible Translation, Russia
Lean sinn:



Sanasan