Zebur 2 - Mukaddes Kitap2‑nji mezmur 1 Milletler arasyndaky başbozarlyk näme? Halklar nämä biderek pitne turuzýar? 2 Rebbe we Onuň saýlanyna garşy dünýä şalary aýaga galýar; hökümdarlar birigýär we baş galdyrýar. 3 Olar şeýle diýýär: «Sypyryp taşlalyň gandallaryny hem-de gyralyň zynjyrlaryny». 4 Göklerde oturan Taňry olaryň üstünden gülýär hem-de olary masgaralaýar. 5 Şonda olara gahar bilen ýüzlener, gazabynda olary eýmendirer: 6 «Mukaddes dagym Sionda Mendirin Öz patyşamy oturdan». 7 Patyşa: «Men Rebbiň permanyny yglan edeýin» diýýär. «Sen Meniň oglumsyň, – diýdi Ol maňa – bu gün Ataň boldum Men. 8 Menden dile, saňa bereýin milletleri miras hökmünde, tutuş älem-jahany mülk hökmünde. 9 Sen olary demir hasaň bilen döwersiň, küýzegäriň golçasy deý çym-pytrak edersiň». 10 Şeýlelikde, eý, patyşalar, paýhasly boluň; dünýä hökümdarlary, şundan habarly boluň: 11 Rebbe gulluk ediň siz gorky bilen: hem galpyldaň, hem-de şatlanyň. 12 Ogly öpüň, ýogsa ol gazaba müner, siz hem heläk bolarsyňyz öz ýoluňyzda, çünki tiz tutaşýar onuň gazaby. Ony pena edinýänleriň ählisi bagtly. |
© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016
Institute for Bible Translation, Russia