Zebur 19 - Mukaddes Kitap19-njy mezmur 1 Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Dawudyň mezmury . 1 Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Dawudyň mezmury. 2 Muşakgatly günde Reb saňa jogap bersin, Ýakubyň Hudaýy seni gorasyn. 3 Ol saňa mukaddes öýden ýardam ibersin hem-de Siondan seni goldasyn. 4 Seniň ähli sadakalaryňy, goý, ýada salsyn, ýakma gurbanlyklaryňy kabul eýlesin. Sela 5 Ýürek arzuwlaryňy Ol hasyl etsin, ähli maksatlaryňa seni ýetirsin. 6 Seniň ýeňşiňe joşup şatlanarys, Hudaýymyzyň adyna baýdaklar dikeris. Goý, Reb seniň ähli dilegleriňi bitirsin. 7 Men indi bilýärin: Öz seçip-saýlanyny Reb halas eder. Ol golunyň gudratly işleri bilen, jogap berer Öz mukaddes gögünden. 8 Käbirleri söweş arabalaryna, käbirleri-de bedewlerine buýsanýar, biz bolsa Hudaýymyz Rebbiň adyna buýsanýandyrys. 9 Olar büdrär hem-de ýykylar, biz bolsa turarys hem dik durarys. 10 Ýa Reb! Patyşany halas et, çagyran wagtymyzda bize jogap ber. |
© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016
Institute for Bible Translation, Russia