Zebur 150 - Mukaddes Kitap150‑nji mezmur 1 Rebbe şan-şöhrat bolsun! Ony mukaddes öýünde şöhratlandyryň, Ony kuwwatly göklerinde şöhratlandyryň! 2 Ony gudratly işleri üçin şöhratlandyryň, Onuň ajaýyp belentligine laýyk şöhratlandyryň! 3 Ony surnaýlaryň sesi bilen şöhratlandyryň, arfada we lirada şöhratlandyryň! 4 Deprek kakyp, tans edip, şöhratlandyryň, kirişli gural, tüýdük çalyp, şöhratlandyryň! 5 Ony owazly kimwallar bilen şöhratlandyryň, Ony belent owazly kimwallar bilen şöhratlandyryň! 6 Burnunda dirilik nepesi bolanlaryň bary, Rebbi şöhratlandyrsyn! Rebbe şan-şöhrat bolsun! |
© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016
Institute for Bible Translation, Russia