Zebur 149 - Mukaddes Kitap149-njy mezmur 1 Rebbe şan-şöhrat bolsun! Rebbe täze nagma aýdyň, sadyklar jemagatynda Oňa öwgüler aýdyň! 2 Ysraýyl Ýaradanyna şatlansyn! Sion perzentleri Şasyna, goý, begensin! 3 Olar tans edip, Ony şöhratlandyrsyn, deprekde, lirada Oňa mukamlar çalsyn! 4 Çünki Reb Öz halkyndan göwnühoş bolýar, Ol pespälleri gutulyşa besleýär. 5 Sadyklar aklanyp, goý, beýgelsinler, düşeklerinde şatlanyp, nagma aýtsynlar. 6 Dillerinde Hudaýa öwgüler bolsun, ellerinde ikiýüzli gylyçlar bolsun. 7 Olar milletlerden, goý, öç alsynlar, halklara jeza bersinler. 8 Patyşalaryny zynjyrlasynlar, asylzadalaryna gandal ursunlar. 9 Olar babatda ýazylan hökümi berjaý etsinler! Munuň özi sadyklaryň bary üçin hormatdyr. Rebbe şan-şöhrat bolsun! |
© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016
Institute for Bible Translation, Russia