Zebur 148 - Mukaddes Kitap148‑nji mezmur 1 Rebbe şan-şöhrat bolsun! Göklerden Rebbi şöhratlandyryň, belentliklerde Ony şöhratlandyryň! 2 Eý, ähli perişdeleri, Ony şöhratlandyryň! Eý, ähli gögüň goşunlary, Ony şöhratlandyryň! 3 Eý, Aý we Gün, Ony şöhratlandyryň! Eý, ähli nurly ýyldyzlar, Ony şöhratlandyryň! 4 Eý, gökleriň gökleri, eý, gökleriň üstündäki suwlar, Ony şöhratlandyryň! 5 Goý, olar Rebbi şöhratlandyrsyn! Çünki Ol buýurdy, olar emele geldi. 6 Reb olary baky, müdimi berkarar etdi, hiç üýtgemejek bir parzy berdi. 7 Eý, zeminde ýaşaýanlar, Rebbi şöhratlandyryň: eý, deňiz läheňleri, çuňluklaryň ählisi, 8 eý, ot we doly, gar we duman, Onuň sözüni berjaý edýän tupan ýelleri, 9 eý, daglar we baýyrlaryň ählisi, miweli agaçlar, kedr daragtlaryň ählisi, 10 eý, haýwanlar we ähli mal-gara süýrenijiler we guşlar, 11 eý, ýer ýüzüniň şalary, ähli halklary, şazadalar, dünýäniň ähli hökümdarlary, 12 eý, ýaş gyzlar hem-de ýigitler, ýaşulular hem-de çagalar. 13 Goý, olar Rebbiň adyny şöhratlandyrsyn, çünki diňe Onuň ady beýgeldilendir, Onuň şan-şöhraty ýerden-gökden belentdir. 14 Ol Öz halkynyň kuwwatyny artdyrdy, şoňa görä, eý, Onuň ähli sadyklary, Oňa ýakyn bolan ysraýyl halky, Rebbe şan-şöhrat bolsun! |
© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016
Institute for Bible Translation, Russia