Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -

Zebur 147 - Mukaddes Kitap


147‑nji mezmur

1 Eý, Iýerusalim, Rebbe öwgi aýt! Eý, Sion, Hudaýyňa şan-şöhrat bolsun!

2 Çünki Ol derwezeleriňiň kiltlerini berkidýär, galadaky çagalaryňa ak pata berýär.

3 Çäkleriňde parahatlygy berkarar edýär, saýlama bugdaýdan seni doýurýar.

4 Ol buýruklaryny ýere gönderýär, Onuň sözi tizlik bilen ýaýraýar.

5 Gar ýagdyryp, ýeri ak ýorgana büreýär, kül kimin gyrawy Ol sepeleýär.

6 Buzlaryny parçalap, ýere taşlaýar, Rebbiň aýazyna döz geljek barmy?

7 Ol buýurýar, buzlar ereýär, ýel ösdürip, suwlar akdyrýar.

8 Ol Ýakup halkyna yglan edýär sözüni, Ysraýyla – parzlaryny we hökümlerini.

9 Reb başga hiç millete şeýle etmeýär, olar Onuň adalatly hökümlerini bilmeýär. Rebbe şan-şöhrat bolsun!

© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016

Institute for Bible Translation, Russia
Lean sinn:



Sanasan