Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -

Zebur 146 - Mukaddes Kitap


146-njy mezmur

1 Rebbe şan-şöhrat bolsun! Çünki Hudaýymyzy nagma bilen öwmek ýagşydyr, lezzetlidir, Ol öwgülere laýykdyr.

2 Reb Iýerusalimi bina eýleýär, Ysraýylyň pytranlaryny jemleýär.

3 Göwni synyklara Ol şypa berýär, olaryň ýaralaryny daňýar.

4 Ýyldyzlaryň sanyny Ol hasaplaýar, olaryň ählisini Ol atlandyrýar.

5 Rebbimiz beýikdir, kuwwaty köpdür, paýhasynyň hiç çägi ýokdur.

6 Reb pespälleri galdyrýar, Ol erbetleri ýere pylçaýar.

7 Rebbe şükür nagmalaryny aýdyň, Hudaýymyza lirada mukamlar çalyň!

8 Ol gökleri bulutlara büreýär, toprak üçin ýagyşlary taýynlap goýýar, baýyrlarda gök otlary gögerdýär.

9 Ol haýwanlara, jüýgüldeşýän garga çagalaryna olaryň ryskyny berýär.

10 Ol ne bedewiň güýjünden wagtyhoş bolýar, ne-de urşujynyň aýagyndan keýpi çag bolýar.

11 Reb Özünden gorkýanlardan, Onuň sadyk söýgüsine umyt baglaýanlardan, keýpi çag bolýar.

© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016

Institute for Bible Translation, Russia
Lean sinn:



Sanasan