Zebur 141 - Mukaddes Kitap141‑nji mezmur Dawudyň maskili , gowakdaka aýdan dogasy 1 Men gaty ses bilen Rebbe perýat edýärin, gaty ses bilen Rebbe men ýalbarýaryn. 2 Onuň öňüne arz-halymy dökýärin, Onuň öňünde gaýgylarymy beýan edýärin. 3 Ruhum tapdan düşen mahaly, Sen bilýänsiň meniň ýolumy! Ýöreýän ýodamda maňa duzak gurdular. 4 Sagyma bak-da, gör: hiç kim maňa hormat goýmaýar, maňa indi gaçalga-da ýok, hiç kim janymyň gaýgysyny etmeýär. 5 Ýa Reb, Saňa perýat edýärin, diýýärin: «Sen – meniň penam, diriler diýarynda – meniň nesibäm». 6 Meniň perýadyma dykgat ber, çünki gaty peselendirin. Aňtaýanlardan meni halas et, çünki olar menden güýçlüdir! 7 Zyndandan azat et meni, adyňa şükür edeýin! Ýa Reb! Maňa jomartlyk edeniň üçin, dogrular meni gurşarlar. |
© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016
Institute for Bible Translation, Russia