Zebur 137 - Mukaddes Kitap137‑nji mezmur Dawudyň mezmury 1 Ýa Reb, tüýs ýürekden Saňa şükür ederin, ylahy barlyklar öňünde Saňa nagma aýdaryn. 2 Mukaddes ybadathanaňyň öňünde sežde ederin, Saňa söýgiň, wepadarlygyň üçin şükür ederin. Çünki Sen Öz adyňy hem-de sözüňi ähli zatdan beýgeltdiň. 3 Çagyran günümde Sen jogap berdiň, janymy güýç bilen kuwwatlandyrdyň. 4 Ýa Reb, ýer ýüzüniň ähli şalary Saňa şükür edýärler, çünki eşitdiler agzyňdan çykan sözleri. 5 Olar Rebbiň ýollary barada nagma aýdarlar, çünki Rebbiň şöhraty beýik. 6 Reb beýik bolsa hem, pespällere nazaryn salýar, emma tekepbirleri uzak ýerden saýgarýar. 7 Muşakgat içinde gezsem-de, meni aman saklaýaň, duşmanlaryma garşy Öz eliňi uzadýaň. Seniň goluň meni halas eýleýär. 8 Reb meniň arymy alar; ýa Reb, Seniň söýgiň ebedi galar, Öz elleriňiň işini Sen terk eýleme. |
© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016
Institute for Bible Translation, Russia