Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -

Zebur 134 - Mukaddes Kitap


134‑nji mezmur

1-2 Rebbe şan-şöhrat bolsun! Eý, Rebbe hyzmat edýänler, Rebbiň adyny şöhratlandyryň! Eý, Rebbiň öýünde, Hudaýymyzyň öýüniň howlusynda hyzmat edýänler, Rebbi şöhratlandyryň!

3 Rebbe şan-şöhrat bolsun! Çünki Reb ýagşy. Onuň adyna nagmalar aýdyň, çünki bu örän lezzetli.

4 Çünki Reb Özi üçin Ýakup neslini, Öz genji hökmünde Ysraýyly seçip-saýlady.

5 Men bilýärin Rebbiň beýikdigini, Taňrymyzyň ähli taňrylardan üstündigini.

6 Göklerde, ýeriň ýüzünde, deňizlerde, bar çuňluklarda Reb Öz göwnüniň islän zadyny edýär.

7 Ol ýeriň uçlaryndan bulutlary turuzýar, ýagyş üçin ýyldyrymlar çakdyrýar, Öz ammarlaryndan ýeli çykarýar.

8 Ol Müsürde ynsanlaryň we haýwanlaryň ilkinji doglanlaryny öldürdi.

9 Eý, Müsür, Ol seniň içiňe – faraonyň, ähli hyzmatkärleriniň üstüne alamatlary, mugjyzalary ýollady.

10 Ol köp milletleri gyrdy, güýçli patyşalary öldürdi:

11 amorlaryň patyşasy Sihony, başanlaryň patyşasy Ogy we ähli Kengan şalyklaryny.

12 Olaryň topragyny miras hökmünde, saýlama mülk hökmünde Öz ysraýyl halkyna berdi.

13 Ýa Reb, Seniň adyň ebedi, ýa Reb, Sen ýatlanarsyň asyrlarboýy.

14 Reb Öz halkyny hakly çykarar, Öz bendelerine rehim-şepagat eder.

15 Milletleriň butlary kümüş-tylladyr, olar ynsan elleriniň işidir.

16 Olaryň agzy bar, ýöne gürlänok, gözleri bar, ýöne görenok.

17 Gulaklary bar, ýöne eşidenok, agyzlarynda hiç bir dem hem ýok.

18 Şolar dek bolar butlary ýasanlar, olara bil baglan ähli ynsanlar.

19 Eý, Ysraýyl nesli, Rebbi alkyşlaň, eý, Harun nesli, Rebbi alkyşlaň.

20 Eý, Lewi nesli, Rebbi alkyşlaň, eý, Rebden gorkýanlar, Rebbi alkyşlaň.

21 Iýerusalimde mesgen tutan Rebbe Siondan alkyşlar bolsun! Rebbe şan-şöhrat bolsun!

© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016

Institute for Bible Translation, Russia
Lean sinn:



Sanasan