Zebur 132 - Mukaddes Kitap132‑nji mezmur Dawudyň zyýarat nagmasy 1 Doganlaryň bile ýaşamaklary gör, nähili gowy hem-de ýakymly! 2 Bu başa guýulýan mukaddes ýag ýalydyr, sakgala, Harunyň sakgalyna, onuň geýiminiň ýakasyna syrygýan mukaddes ýag ýalydyr! 3 Ol Sion daglaryna düşýän Hermonyň boldan-bol çygy kimindir. Çünki Reb ol ýerde ýalkanyş, baky ýaşaýyş bolsun diýip, tabşyryk berdi. |
© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016
Institute for Bible Translation, Russia