Zebur 13 - Mukaddes Kitap13‑nji mezmur 1 Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Dawudyň mezmury . 1 Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Dawudyň mezmury. Akmak adam ýüreginde: «Hudaý ýok» diýýär. Olar azýar we ýigrenji işleri edýär; ýagşylyk edýän ýok. 2 Paýhasly we Hudaýy agtarýan barmyka diýip, Reb göklerden adamzada nazar aýlaýar. 3 Olaryň hemmesi ýoldan çykdylar, bary deň derejede haram boldular; ýagşylyk edýän ýok, ýok ýeke biri-de. 4 Eýsem düşünmeýärmi ähli betkärler? Olar halkymy çörek ýaly iýýärler hem-de Rebbi çagyrmaýarlar. 5 Olar şol ýerde gorka düşerler, çünki Hudaý dogrularyň tarapdarydyr. 6 Siz äsgermeýärsiňiz garybyň niýetlerini, ýöne welin Rebdir onuň penasy. 7 Wah, gelsedi Siondan Ysraýyl ýeňşi! Reb halka öňki abadançylygyny gaýtaryp berende, Ýakup nesli begener, Ysraýyl hem şatlanar. |
© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016
Institute for Bible Translation, Russia