Zebur 129 - Mukaddes Kitap129-njy mezmur Zyýarat nagmasy 1 Ýa Reb, çuňluklardan çagyrýan Seni. 2 Eý, Taňry, eşit sesimi, dat-perýatlarymyň sesini gulagyň diňlesin ünsli. 3 Ýa Reb, günäleri hasaba alsaň, ýa Taňry, huzuryňda kim durup biler? 4 Emma Senden gorkarlar ýaly, Sende bardyr geçirimlilik. 5 Men Rebbe intizar, janym intizar, men Onuň sözüne umyt baglaýan. 6 Garawullar daňyň atmagyna intizar, hawa, garawullar daňyň atmagyna intizar, meniň janym şondan hem köp Taňra intizar. 7 Eý, Ysraýyl, Rebbe bagla öz umydyňy: Reb sadyk söýgüsini görkezýär, Ol hemişe halas etmäge taýýar. 8 Ysraýyly ähli günälerinden Ol halas eder. |
© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016
Institute for Bible Translation, Russia