Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -

Zebur 128 - Mukaddes Kitap


128‑nji mezmur
Zyýarat nagmasy

1 «Maňa ýaşlygymdan bäri köp hüjüm etdiler – – diýip, indi Ysraýyl aýtsyn. –

2 Maňa ýaşlygymdan bäri köp hüjüm etdiler. Ýöne menden üstün çykmadylar.

3 Sürümçiler meniň arkamy sürdüler, olar uzyn keşlerini çekdiler».

4 Emma wepaly Reb erbetleriň tanaplaryny gyryp taşlady.

5 Siony ýigrenýänleriň ählisi goý, utanyp, yzyna dönsün.

6 Goý, olar üçekde gögerip, güllemänkä solýan ot kimin bolsun.

7 Ondan orakçy gysymyny doldurmaz, desse bogýan gujagyny doldurmaz.

8 «Çäjiňe bereket! Ömrüňe bereket!» diýip, ötegçi aýtmaz.

© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016

Institute for Bible Translation, Russia
Lean sinn:



Sanasan