Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -

Zebur 126 - Mukaddes Kitap


126-njy mezmur
Süleýmanyň zyýarat nagmasy

1 Eger öýi Reb bina etmese, ony bina edýänleriň azaby puçdur. Eger şäheri Reb goramasa, garawulyň oýa durmagy puçdur.

2 Eklenmek üçin der dökmegiňiz, ir turup, giç ýatmagyňyz puçdur. Hawa, Ol söýýänine hatda ýatyrka-da rysgal berýändir.

3 Çagalar Rebden bolan mirasdyr, ýatgynyň miwesi Ondan sylagdyr!

4 Ýaşlyk çagynyň ogullary edermeniň elindäki peýkamlar ýaly:

5 sagdagyny olardan dolduran bagtly! Ol derwezede duşmany bilen gürleşen wagty utandyrylmaz.

© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016

Institute for Bible Translation, Russia
Lean sinn:



Sanasan