Zebur 124 - Mukaddes Kitap124‑nji mezmur Zyýarat nagmasy 1 Rebbe bil baglaýanlar Sion dagy deý: ol sarsmaz, ol durar asyrlarboýy. 2 Daglaryň Iýerusalimi gurşaýşy ýaly, şindiden asyrlarboýy Reb gurşaýar Öz halkynyň daşyny. 3 Dogrularyň ýurdunda erbetler höküm sürmezler baky, ýogsa dogrularyň hem ýamanlyk etmegi ahmal. 4 Ýa Reb, Sen ýalka, ýagşylary we päk ýüreklileri. 5 Emma Reb özleriniň egri ýollaryna sowlanlary, betkärler bilen bile jezalandyrar; goý, Ysraýylda rahatlyk bolsun! |
© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016
Institute for Bible Translation, Russia