Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -

Zebur 121 - Mukaddes Kitap


121‑nji mezmur
Dawudyň zyýarat nagmasy

1 Maňa «Rebbiň öýüne gideli» diýenlerinde begendim.

2 Eý, Iýerusalim! derwezeleriňden ätledi gadamlarymyz!

3 Iýerusalim bitewi bir şäher dek bina edilen.

4 Ysraýyla berlen kanuna görä, tireler, Reb tireleri ol ýere Rebbe şükürler etmäge gidýär.

5 Ol ýerde kazylyk tagty – Dawut öýüniň tagty bina edilen.

6-7 «Seni söýýänler aman ýaşasyn! Diwarlaryňyň içinde parahatçylyk bolsun, gala diňlerinde howpsuzlyk bolsun!» diýip, Iýerusalimiň parahatlygy üçin doga-dilegler ediň.

8 Doganlarym bilen ýakynlarymyň hatyrasyna, «Sende rahatlyk bolsun!» diýýärin.

9 Hudaýymyň Rebbiň öýüniň hatyrasyna seniň amanlygyň üçin doga edýärin.

© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016

Institute for Bible Translation, Russia
Lean sinn:



Sanasan