Zebur 119 - Mukaddes Kitap119-njy mezmur Zyýarat nagmasy 1 Muşakgatly wagtym çagyrdym Rebbi, Ol hem maňa berdi jogaby. 2 Ýa Reb, ýalançy agyzdan, hileli dilden halas et meni. 3 Eý, hileli dil, saňa gör-bak näme ediler! Onuň üstesine näme goşular? 4 Edermeniň ýiti oklary, ojaryň ýandyryjy közleri! 5 Dat-bidat meniň halyma! Çünki Meşekde sergezdan boldum, Kedar çadyrlarynda mesgen tutmaly boldum; 6 dawa-jenjel agtarýan halkyň içinde, uzak wagtlap mesgen tutmaly boldum. 7 Parahatlygyň tarapdary men, emma agzymy açan badyma, olar eýýäm uruş-jenjele taýýar. |
© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016
Institute for Bible Translation, Russia