Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -

Zebur 111 - Mukaddes Kitap


111‑nji mezmur

1 Rebbe şan-şöhrat bolsun! Rebden gorkýan, buýruklaryndan lezzet alýan nähili bagtly!


Alef Bet Gimel
Gimel

2 Onuň zürýady ýurtda kuwwatly bolar, dogrularyň nesli bereket tapar.


Dalet He
He

3 Bolelinlik, baýlyk onuň öýünde bolar, dogrulygy dowam eder asyrlarboýy.


Waw Zaýin
Zaýin

4 Dogry ynsan üçin hatda garaňkyda nur dogar, ol mähriban, dogruçyl we rehimlidir.


Ḥet Ṭet
Ṭet

5 Jomart, karz berýän ynsan gowudyr, ol işlerini adalatly ýola goýýandyr.


Ýod Kaf
Kaf

6 Çünki dogry ynsan hiç haçan sarsmaz, müdimilik ol unudylmaz.


Lamed Mem
Mem

7 Ol şum habardan gorkmaz, Rebbe bil baglap, ýüregi sarsmaz.


Nun Sameh
Sameh

8 Onuň ýüregi mäkäm, ol asla eýmenmez, iň soňunda duşmanlarynyň ýeňlişin görer.


Ğaýin Pe
Pe

9 Ol sahylyk bilen paýlady, mätäje berdi, onuň dogrulygy dowam eder ebedi, at-abraýy bilen bile artýar kuwwaty.


Tsadi Reş
Reş

10 Erbet adam muny görüp, gazaba münýär, dişini gyjaýar we ruhdan düşýär; erbet adamyň göwün islegleri puç bolar.

© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016

Institute for Bible Translation, Russia
Lean sinn:



Sanasan