Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -

Zebur 110 - Mukaddes Kitap


110-njy mezmur

1 Rebbe şan-şöhrat bolsun! Men dogrularyň mejlisinde we jemagatda tutuş kalbym bilen Rebbe şükür ederin.


Alef Bet Gimel
Gimel

2 Beýikdir Rebbiň işleri, olary agtarýar bar muşdaklary.


Dalet He
He

3 Onuň işi dabaradan, şöhratdan doly, Onuň dogrulygy dowam edýär ebedi.


Waw Zaýin
Zaýin

4 Ol ýatdan çykmajak gudratly işleri etdi, Reb merhemetli hem-de rehimli.


Ḥet Ṭet
Ṭet

5 Ol Özünden gorkýanlara berýär rysgaly, eden ähti ýadyndadyr müdimi.


Ýod Kaf
Kaf

6 Ol halkyna işleriniň gudratyny görkezdi: milletleriň mirasyny olara berdi.


Lamed Mem
Mem

7 Onuň elleriniň işleri wepaly we adalatly, Onuň bar buýruklary ygtybarlydyr.


Nun Sameh
Sameh

8 Elleriniň işleri berkarar edildi asyrlarboýy, wepalylyk we dogrulyk olaryň binýatlary.


Ğaýin Pe
Pe

9 Reb Öz halkyny halas eýledi, Öz ähtini baky buýurdy; Onuň ady mukaddes hem-de wehimli.


Tsadi Reş
Reş

10 Rebden gorkmak – danalyk başy, muny amal edýänleriň düşünjeleri dogry. Onuň senasy dowam edýär asyrlarboýy.

© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016

Institute for Bible Translation, Russia
Lean sinn:



Sanasan