Zebur 100 - Mukaddes Kitap100‑nji mezmur Dawudyň mezmury 1 Men sadyklyk we adalat barada nagma aýdaryn, ýa Reb, men Saňa şatlanyp, nagma aýdaryn. 2 Men kämillik ýolundan ýörärin. Wah, haçan gelerkäň meniň ýanyma?! Öýümde ýürek kämilliginde ýaşaryn. 3 Göz alnymda ýaman zada men ýol bermerin, günä etmegi men ýigrenýärin, günä maňa ýanaşmaz. 4 Ýürek azgynlygyndan daşda bolaryn, ýamanlyga şärik bolmaryn. 5 Gizlinlikde ýakynyna töhmet atany weýran ederin, gözi ýer görmeýäne, tekepbir ýüreklä çydap bilmerin. 6 Ýurduň sadyklarynyň maňa ýoldaş bolary ýaly, men olara mähir bilen gararyn. Meniň gullugymda kämillik ýolunda gezýänler durar. 7 Hilegärlik edýän meň öýümde ýaşamaz, ýalan sözleýän gaşymda durmaz. 8 Rebbiň şäherinden betkärleri kowmaklyk üçin, sähersaýyn ýurtdaky erbetleri weýran ederin. |
© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016
Institute for Bible Translation, Russia