Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -

Zebur 10 - Mukaddes Kitap


10-njy mezmur
1 Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Dawudyň mezmury .

1 Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Dawudyň mezmury. Men Rebbi pena edinýärin. «Guş kimin öz dagyňa gaç – diýip, maňa neneň aýdyp bilýäňiz? –

2 Ine, gör, erbetler ýaýyny gurýar, peýkamyny ýaýyň kirşine goýýar, dogry ýüreklileri garaňkyda nyşana alýar.

3 Eger binýatlar edilse weýran, näme edip biler ol dogry ynsan?»

4 Reb Öz mukaddes ybadathanasyndadyr; Onuň tagty göklerdedir. Onuň gözleri synlaýar, nazary adamzady barlaýar.

5 Reb synaýar dogry ynsany, emma Onuň kalby ýigrenýär erbetleri we zorluk söýýän adamy.

6 Ol erbetleriň üstüne ýagdyrar köreýän közleri hem-de kükürdi; ýandyryjy ýel bolar nesibeleri.

7 Çünki Reb dogrudyr; söýýär Ol dogry işleri; dogry ynsan görer Onuň ýüzüni.

© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016

Institute for Bible Translation, Russia
Lean sinn:



Sanasan