Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -

Ýunus 4 - Mukaddes Kitap


4‑nji bap Ýunus gaharlanýar

1 Ýunus muňa gaty gamlandy we onuň gahary geldi.

2 Ol Rebbe şeýle doga okady: «Ýa Reb, şeýle boljagyny men öz ýurdumdakam aýtmanmydym näme? Men şol sebäpden hem dessine Tarşyşa gaçdym-a. Seniň merhemetli, rehimli, giň göwünli, sadyk söýgä baý Hudaýdygyňy we jeza bermekden el çekmäge taýyndygyňy bilýärdim ahyryn.

3 Indi bolsa, Ýa Reb, meniň janymy al, çünki ýaşanymdan ölenim gowudyr».

4 Reb oňa: «Seniň gaharlanmaga hakyň barmy?» diýdi.

5 Ýunus şäherden çykdy we onuň gündogar tarapynda bir ýerde dyz epdi. Şol ýerde özüne çatma dikdi we şähere näme bolýanyny görmek üçin, ol onuň kölegesinde oturdy.

6 Ýunusyň üstüne saýa salar ýaly we ony köşeşdirer ýaly, Beýik Hudaý ol ýerde bir düýp ösümlik gögertdi. Muňa Ýunusyň göwni galkyndy.

7 Emma ertesi gün daňdan Hudaý bir gurçuk iberdi we ol gurçuk ösümligi içinden iýip, ony guratdy.

8 Gün doganda, Hudaý gündogardan epgek öwüsdirdi. Gün Ýunusyň depesini gaýnadyp başlady, onda ysgyn-mydar galmady. Ol özüne ölüm diläp: «Ýaşanymdan ölenim gowudyr» diýdi.

9 Hudaý Ýunusdan: «Ösümlik babatda gaharlanmaga hakyň barmy?» diýip sorady. Ýunus: «Hawa, hakym bar. Gahardan ýaňa özüme ölüm dileýärin» diýdi.

10-11 Şonda Reb oňa şeýle diýdi: «Öz zähmetiň siňmedik, bir gijäniň içinde ösüp, bir gijäniň içinde-de guran ösümlige seniň nebsiň agyranda, sagyny-soluny saýgaryp bilmeýän ýüz ýigrimi müňden agdyk adama we köp mal-garasy bolan şeýle uly şäher Ninewä Meniň neneň haýpym gelmesin?»

© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016

Institute for Bible Translation, Russia
Lean sinn:



Sanasan