Ýermeýa 47 - Mukaddes Kitap47‑nji bap Piliştliler hakyndaky pygamberlik 1 Faraonyň Gazany ýeňmezinden öň, piliştliler hakynda Ýermeýa Rebbiň şu sözi aýan boldy: 2 «Reb şeýle diýýär: „Demirgazykdan suwlar joşup, derýa kimin dolup-daşar-da, ýurdy we ondaky ähli zatlary, şäheri hem ýaşaýjylaryny basar. Adamlar dady-perýat ederler, ýurduň bütin halky ahy-nala çeker. 3 Daýaw atlaryň toýnak sesinden, söweş arabalarynyň takyrdysyndan, tigirleriniň seslerinden ýaňa elleri tapdan düşen atalar öwrülip, çagalaryna ýardam bermezler. 4 Çünki ähli piliştlileriň ýok ediljek güni geler. Sura bilen Sidona kömek edip biljek aman galanlaryň ählisi ýok ediler. Reb Kaptoryň kenarynda aman galan piliştlileri derbi-dagyn eder. 5 Gaza saçyny ýolar, Aşkelon sus bolar. Eý, barja aman galanlar, haçana çenli özüňizi ýaralajak? 6 Eý, Rebbiň gylyjy! Sen haçana çenli köşeşjek däl? Gynyňa gir, ynjal-da, asuda bol. 7 Reb oňa tabşyryk berensoň, ol nädip köşeşsin? Ol ony ol ýere – Aşkelona, deňiz kenaryna garşy ýollady“». |
© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016
Institute for Bible Translation, Russia