Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -

Ýakup 4 - Mukaddes Kitap


4‑nji bap Hudaýa tabyn boluň!

1 Araňyzdaky çaknyşykly gowgalar we dawa-jenjeller nireden döreýär? Kalbyňyzda söweş edýän pis höwesleriňizden dälmi?

2 Siz isleýärsiňiz, emma hiç zat gazanmaýarsyňyz; adam öldürýärsiňiz, göriplik edýärsiňiz, emma hiç bir maksadyňyza ýetip bilmeýärsiňiz; dawa-jenjeldir galmagal turuzýarsyňyz, emma hiç zat gazanmaýarsyňyz, sebäbi Hudaýdan dilemeýärsiňiz.

3 Diläniňizde-de, hiç zat almaýarsyňyz, sebäbi ýaman niýet bilen, öz nebsiňizi doýurmak üçin dileýärsiňiz.

4 Eý, biwepalar, dünýä bilen dostluk Hudaýa duşman bolýandygyny bilmeýärsiňizmi? Kim dünýä bilen dostlaşsa, Hudaýa duşman bolýandyr.

5 Siz Mukaddes Ýazgylardaky Hudaýyň bize beren ynsanlyk ruhy örän gabanjaňdyr diýlen sözler boş ýere aýdylandyr öýdýärsiňizmi?

6 Emma Hudaý bize has beýik merhemet berýär. Şoňa görä Mukaddes Ýazgylar şeýle diýýär: «Hudaý tekepbirlere garşydyr, emma pespäl adamlara merhemet edýändir».

7 Şonuň üçin Hudaýa tabyn boluň! Iblise garşylyk görkeziň, şonda ol sizden gaçar.

8 Hudaýa ýakynlaşyň, Ol hem size ýakynlaşar. Eý, günäkärler, eliňizi günäden tämizläň. Eý, ikigöwünliler, kalbyňyzy päkläň.

9 Gama batyň, ýas tutup aglaň! Gülküňiz ýasa, şatlygyňyz gam-gussa öwrülsin.

10 Rebbiň huzurynda özüňizi pes tutuň, Ol sizi beýgelder.

11 Eý, doganlar, biri-biriňizi ýamanlamaň. Kim doganyny ýamanlaýan ýa-da ony ýazgarýan bolsa, ol Hudaýyň kanunyny ýamanlap, ony ýazgarýandyr. Kanuny ýazgarýan adam bolsa ony berjaý ediji däl-de, oňa kazylyk edijidir.

12 Emma Kanun Çykaryjy we Kazy birdir, Ol halas etmegi-de, heläk etmegi-de başarýandyr. Başga adamlara kazylyk eder ýaly, sen kim bolupsyň?


Tekepbirlik etmäň

13 Indi: «Bu gün ýa ertir pylan şähere gitjek, bir ýyly şol ýerde geçirjek, söwda-satyk etjek, pul gazanjak» diýýänler, maňa gulak asyň!

14 Ertir näme boljagyny nireden bilýärsiňiz?! Siziň ömrüňiz näme? Ol az salym görnüp, soňra ýitirim bolýan säher çygy ýalydyr.

15 Muňa derek: «Reb oňlasa, ýaşarys, ony ýa-da muny ederis» diýmelisiňiz.

16 Siz bolsa öz tekepbirligiňiz bilen öwünýärsiňiz. Beýle öwünmeleriň bary erbetlikdir.

17 Kim ýagşylyk etmegi bilibem, ony etmeýän bolsa, ol günä edýändir.

© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016

Institute for Bible Translation, Russia
Lean sinn:



Sanasan