Nagmalar 3 - Mukaddes Kitap3‑nji bap Yşk arzuwy 1 Köňül aşygymy gije düşegimden agtardym; gözläp tapmadym ony. 2 Indi turup, şähere çykaryn, köçelerden, meýdançalardan köňül aşygymy agtararyn. Gözläp tapmadym ony. 3 Aýlanyp ýören, şäher gözegçileri duşdy maňa. Olardan: «Köňül aşygymy gördüňizmi?» diýip soradym. 4 Olaryň deňinden geçen dessime, köňül aşygymy tapdym men. Ony saklap, enemiň öýüne, meni dogranyň otagyna getirýänçäm, goýbermedim. 5 Eý, Iýerusalim gyzlary, jerenlerdir çöl marallaryndan ant içýärin: özi isleýänçä yşky oýarmaň, birahatlandyrmaň! Giýew we onuň toýy 6 Tüsse sütüni deý çölden çykyp gelýän kim? Ondan täjirleriň hoşboý ysly atyrlaryndan edilen mürüň we ýakymly ysly tütetginiň hoşboý ysy bark urýar. 7 Ana, Süleýmanyň şa paýtuny! Ysraýylyň altmyş gerçegidir onuň daşynda. 8 Ählisi gylyçly, söweşe ökde; gijäniň wehiminden billeri gylyçlydyr. 9 Süleýman şa liwan agaçlaryndan özüne şa paýtunyny ýasatdy: 10 sütünleri kümüşden, tirsekligi gyzyldan, oturgyjy gyrmyzy mahmaldan. Içi Iýerusalim gyzlarynyň söýgüsine beslenen. 11 Eý, Sion gyzlary, daşa çykyň-da, Süleýmany toý gününde, ýürekden şat gününde ejesiniň başyna geýdiren täjine bakyň! |
© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016
Institute for Bible Translation, Russia